lang icon
lang icon TM
menu icon

Biz barada

about company image
about company image
about company image

Biziň taryhymyz

        

Akhunji – gurluşyk üçin döwrebap çözgütler.

Akhunji  HJ-ti 2009-njy ýylda esaslandyryldy we häzirki wagtda Türkmenistan boýunça polistirol (EPS) esasynda öndürilýän ýylylyk izolýasiýa hem-de bezeg gurluşyk serişdeleri, şeýle hem sendwiç paneller boýunça öňdebaryjy öndürijileriň biri hökmünde üstünlikli iş alyp barýar. Uzak ýyllaryň tejribesi, ýokary tehniki üpjünçilik we hünärmen işgärler topary bilen kärhana önümçilik kuwwatyny yzygiderli ösdürýär hem-de önümleriniň görnüşini giňeldýär.Biziň maksadymyz — bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli we häzirki zaman gurluşyk ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürmekdir. Kompaniýanyň esasy ugurlarynyň biri — müşderileriň isleglerini doly kanagatlandyrmak, önümleri yzygiderli kämilleşdirmek we täze çözgütleri ornaşdyrmak bolup durýar.

about image
            

Ygtybarly hil we yzygiderli ösüş — Akhunji HJ-nyň esas ýörelgesi

Akhunji   kärhanasynyň tapawutly aýratynlygy — hemişe ösüşe ymtylmakdyr. Biz öňe gitmegiň we bazarda öňdebaryjy bolmagyň diňe tehnologiýalary ösdürmek we müşderiniň islegine laýyk işlemek arkaly mümkindigine ynanýarys.

Kärhanamyzda döwrebap tehnologiýalaryň gazananlaryny önümçilige işjeň ornaşdyrýarys hem-de enjam üpjünçiligimizi yzygiderli döwrebaplaşdyrýarys. Bu bolsa bize ýokary hilli önümleri öndürmäge, önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga we assortimentimizi giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Önümçilikde ýöriteleşdirilen we degişli şahadatnamalary bolan laboratoriýamyz hereket edýär. Bu ýerde:

çig malyň we materiallaryň girizilmezden öň barlagy geçirilýär;

taýýar önümleriň her tapgyry boýunça laboratoriýa synaglary amala aşyrylýar;

Şu işler bize müşderilerimize ýokary hilli, berk we ynamdar önümleri hödürlemäge mümkinçilik berýär.

Kärhanamyzda ISO 9001:2015 halkara ülňüsine laýyk gelýän Hil Dolandyryş Ulgamy üstünlikli ornaşdyrylandyr. Bu ulgam SGS tarapyndan sertifikatlaşdyrylyp, kärhanamyzyň hil, aç-açanlyk we jogapkärçilik ýörelgelerine berk eýerýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

play icon

Biziň gymmatlyklarymyz

Önümlerimiz — döwrebap dizaýnyň, kämil hil derejesiniň we wagtyň synagyndan geçen ygtybarlylygyň sazlaşykly birleşmesidir.

Önümlerimiz — döwrebap dizaýnyň, kämil hil derejesiniň we wagtyň synagyndan geçen ygtybarlylygyň sazlaşykly birleşmesidir.

Önümlerimiziň ygtybarlylygy — ýyllaryň synagyndan geçen, halkyň ynamyna eýe bolan ynamdar saýlawdyr.

Önümlerimiziň ygtybarlylygy — ýyllaryň synagyndan geçen, halkyň ynamyna eýe bolan ynamdar saýlawdyr.

Siziň rahatlygyňyz — biziň esasy maksatlarymyzdan biridir we bu ýörelge önümçilikde yzygiderli berjaý edilýär.

Siziň rahatlygyňyz — biziň esasy maksatlarymyzdan biridir we bu ýörelge önümçilikde yzygiderli berjaý edilýär.

Biziň proýektlerimiz

project image
project image
project image
project image
project image
prev icon prev icon