lang icon
lang icon TM
menu icon

Akhunji kompaniyasy Türkmenistanda öndürilen yokary hilli sendwiç panelleri size hödürleyär.

                Sendwiç paneller — häzirki zaman gurluşygyň ygtybarly we tygşytly çözgüdi

Gurluşyk pudagy çalt depgin bilen ösýär. Häzirki wagtda diňe bir berk däl, eýsem çalt gurnalýan, ýylylygy saklaýan we owadan görnüşe eýe bolan materiallara uly isleg bar. Şolaryň arasynda sendwiç paneller öz ornuny tapdy. Olar häzirki zaman gurluşyk çözgütleriniň özenine öwrüldi. Türkmenistana mahsus bolan howa şertlerinde hem olar özüniň amatlylygyny we çydamlylygyny doly subut etdi. 

Sendwiç panel näme?

Sendwiç panel – üç gatdan düzülen gurluşyk materialydyr: daşyndaky iki metal tabak we olaryň arasynda esasy bölegi ýylylyk izolýasiýasy üçin ýerleşdirilen ýadrosy. Şeýle gurluş bilen panel ýeňil, çydamly we ýylylygy gowy saklaýan bolýar.  

Näme üçin sendwiç panel saýlamaly?
  1. Gurluşyk tizligi
Sendwiç paneller bilen desga gurnamak örän çalt bolýar. Adaty gurluşykdan 3–4 esse çalt. Bir günde hat-da uly meýdanly desga taýýar bolup bilýär.
  1. Tygşytly we amatly
Paneller ýeňil bolansoň, fundamenti agyr etmek gerek däl. Şeýle-de gurluşyk tehnikasy az ulanylýar – bu bolsa çykdajylary ep-esli azaldýar.
  1. Energiýa tygşytlaýar
Ýylylygy we sowuklygy saklaýyş ukyby ýokary. Bu bolsa ýyladyş we sowadyş çykdajylaryny azaltmaga kömek edýär.
  1. Çydamlylyk we ygtybar
Ýörite örtük bilen goralýar, çyglylyga, ýele, ýagşa we güne garşy durýar. 20–25 ýyl dowamly ulanylyp bilýär.
  1. Estetiki görnüş
Paneliň daşky ýüzleri dürli reňkde we fakturada öndürilýär. Binanyň daşky görnüşi tertipli, döwrebap we arassa bolýar. Görnüşleri we ulanylyşy Diwar panelleri Façad diwarlary, ammarlaryň, zawodlaryň, ofisleriň gurluşygy üçin amatly Dürli gurnama görnüşleri bar (dik ýa-da ýatyrma) Açyk ýa-da gizlin berkidilýän görnüşde bolýar Üst örtügi üçin panelleri  Ýörite tolkunly görnüşde suwuň akmagyny üpjün edýär Suwa we yssya ýokary garşylyga eýe Gyşda garlaryň ýykgyn etmegine garşy howpsuzlyk üpjün edýär

   Esasy bölegi bolan — ýylylyk izolýasiýasyny üpjün edýän orta gatlakdyr. Bu gatlak üçin köplenç penopolistirol ýa-da mineral pagta ulanylýar.

Türkmenistanda iň köp ulanylýan görnüşleriň biri — penopolistirol ýadrosy bilen doldurylan sendwiç paneller.

Olar:

 Agramy ýeňil, aňsat daşalýar

 Bahasy amatly

 Ýylylygy gowy saklaýar

 Gury we yssy howa üçin örän çydamly

 Uzak ömürli we deformasiýa garşy

 Islendik galyňlykda öndürilip bilýär (40–200 mm aralygynda)

 

Sendwiç panel bilen gurluşyk — geljegiň çözgüdi

Adaty gurluşyk materiallary bilen deňeşdireniňde, sendwiç panel bilen siz:

 wagty tygşytlaýarsyňyz

 pul tygşytlaýarsyňyz

 az iş güýji bilen gurup bilýärsiňiz

 has owadan, döwrebap binany gurýarsyňyz

Bu çözgüt diňe gurluşyk däl, eýsem işiňize tygşytly çemeleşmegiňizi hem görkezýär.  Akhunji — sendwiç panelleriň ygtybarly öndürijisi.

Häzir ýüz tutuň — gurluşygyňyzy täze derejä çykaryň!

Sendwiç paneller bilen tanşyň — bu diňe material däl, eýsem, döwrebap pikiriň bir bölegi!

 Biz bilen habarlaşyň — siz üçin iň amatly çözgüdi hödürläris.

 Web sahypa üçin: akhunji.com.tm

  Tel:+993 71 55 44 65