tm
EN RU
Biz barada

2009-njy ýylda esaslandyrylan “Ak hünji” hojalyk jemgyýetiniň ýylylyk geçirmeýän penopolistirol önümleri (EPS) we bezeg maksatly gurluşyk materiallaryny, şeýle hem sendwiç panellerini öndürmekde Türkmenistandaky öňdebaryjy kärhanalaryň biri bolup durýar. Penopolistirol öndürmekde, ýokary önümçilikde we adam resurslary pudagynda ylmy esaslara daýanýan, köp ýyllyk tejribä bolan eýe bolan bu kärhana, bäsleşige ukyply önümlerini öndürmek bilen, müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmagy esasy ugur hökmünde dowam etdirýär. Şeýlelik bilen her ýyl önümleriň täze görnüşleri bazarlara çykarylýar.

 



Kärhanamyzyň özboluşly aýratynlyklarynyň ýene biri innowasiýalara hemişe açyk bolmagydyr. Tehnologiýanyň iň täze gazananlary ulanylýar, we önümçilik işleri hemişe döwrebaplaşdyrylýar.

Kärhananyň kepillendirilen laboratoriýasy hereket edýär. Bu ýerde önümçilikde ulanylýan çig malyň hiline seljerilýär we taýýar önümleriň her toparynyň hili döwlet standartlaryna we tehniki şertlerine talabalaýyklygy barlanýar. Kärhanada işleýän Hil Dolandyryş Ulgamy halkara standartlar guramasy bolan ISO9001:15-iň talaplaryny doly berjaý edip, barlaglardan üstünlikli geçdi we halkara “SGS” bilen sertifikaty almagy başardy.

Önümiň hiliniň durnuklylygy, başarjaň iş dolandyrlyşy we her müşderä aýratyn hyzmat bilen jemeleşmeler birnäçe ýylyň dowamynda ynamly hyzmatdaş hökmünde oňyn abraý gazadyrdy we Türkmenistanyň içerdäki gurluşyk harytlary bazaryndaky öz berk ornuny eýelemegine ýetirdi.

 

 

"Ak hünji" hojalyk jemgyýetiniň Hil gözegçilik syýasaty:

 

Free Photo Sharing by ThumbSnap

Hil taýdan kepillik
Ekologik taýdan zyýansyz
Ulanyşda tygşytly we berk