Potologyň we diwarlaryň ýüzi gury, arassa hem-de ýagdan arassalanylan bolmaly. Gurnamaga girişilmezinden öň çyglylygyň doly bugaryp gitmegi ýçin burçluklary 2-3 gün gaplaryndan çykaryp goýmak maslahat berilýär.Ýelimi burçluklaryň diwar we potoloklar bilen degişýän, şeýle-de sepleşýän ýerlerine yukajyk çalmaly. Soňundan burçluklary diwara, potologa we beýleki sepleşýän ýerlerine seresaply basmaly: ýelimiň artyk galanlaryny çygly rezin sürteç bilen aýyrmaly. Reňklemek üçin erediji garylmadyk suw emulsiýaly ýa-da akril reňklerini ulanyň. Jaýyň burçlary göni burçdan (90 gradus) tapawutly bolan ýagdaýynda aşakdaky maslahatlardan peýdalanmak mümkindir:
- zerur ölçege çenli burçluklaryň yzky ýüzüni tämiz kesmeli;
-burçuň degişli aýratynlyklaryny hasaba alyp, zerur ýagdaýynda sepleşme boýunça burçluklaryň düzümini aýrybaşgalaşdyrmaly.
- Penobaget bezeg önümlerini ýelimlemek üçin ýelimleriň dürli görnüşlerinden peýdalanmak mümkindir. Berk ýelimlemek häsiýeti, düzüminde eredijileriň bolmazlygy we adam üçin howpsuz bolmagy – bular ýelimlere bildirilýän esasy talaplardyr. Häzirki wagtda bezeg materiallarynyň bazarynda daşary ýurt, şeýle-de Russiýanyň firmalarynyň öndürijileri tarapyndan ägirt köp sanda ýelimleriň dürli nyşanly görnüşleri hödürlenilýär.